12 Few
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri 2020-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň deputatlarynyň nobatdan daşary saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletlerden düzülýän halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistan döwletinden halkara synçy bolup gatnaşdylar.
Iş saparynyň dowamynda Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri Azerbaýjan Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy bilen tanyşdylar we saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişine syn etdiler.
