news-img

21 Ýan

2020-nji ýyl — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýyly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly diýip yglan etdi. Munuň diňe biziň ýurdumyzyň halky üçin däl-de, eýsem  tutuş  dünýäniň halklary üçin hem özboluşly, simwoliki   manysy bardyr. Çünki, ýylyň  şeýle atlandyrylan pursadyndan başlap, dünýä halklarynyň ünsi parahatlygyň, dostlugyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň mekany saýylýan Bitarap Türkmenistana  gönükdi.

Bitaraplygyň mekany saýylýan Türkmenistanda şu günler  ähli ulgamlarda işler sazlaşykly alnyp barylýar. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda röwşen geljege  tarap ynamly gadam urýan hemişelik Bitarap Türkmenistanyň  raýatlarynyň kalbynda  döredijilikli  zähmet gaýnap joşýar. Syýasatda, ykdysadyýetde, has takygy, durmuşyň ähli ugurlarynda ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejedäki üstünlikleri gazanmak bolsa biziň baş wezipämizdir. Türkmen ykdysadyýetini täze — 2020-nji ýylda hem bedew bady bilen ösdürmegi niýet edinýän hormatly Prezidentimiziň her bir tutumynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.  

Mähriban Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň Bitaraplygyň 25 ýyllygynyň giňden baýram ediljek 2020-nji ýylynda-da uly zähmet ýeňişlerini gazanjakdygy ikuçsuzdyr. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, 2020-nji ýylda hem, goý, biziň ýurdumyza uly-uly üstünlikler, zähmet ýeňişleri ýar bolsun!

Merkezi saýlaw topary hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyny täze — 2020-nji ýyl — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly bilen tüýs ýürekden gutlaýar! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, tutýan her bir tutumynyň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!