news-img

13 Noý

Türkmeniň hasyl toýy

1 million 50 müň tonnadan gowrak “ak altyn” ýygnan türkmen pagtaçylary bereketli noýabrda pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şeýlelikde, olar halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge, Watanymyzyň gülläp ösüşiniň ygtybarly binýadyny berkitmäge öz uly goşantlaryny goşdular. Bu uly zähmet üstünligi  hormatly Arkadagymyzyň  oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine, daýhanlaryň zähmetiniň ykdysady taýdan höweslendirilmegine gönükdirilen aladalary netijesinde gazanyldy.

Şu ýyl gowaça ösdürip ýetişdirmäge ilkinji gezek hususy önüm öndürijiler hem girişdiler. Olara milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça welaýatlarda oba hojalyk ähmiýetli döredilen ýörite ýer gaznasyndan ýer bölekleri bölünip berildi.

Gallaçylarymyz hem şu ýyl Watan harmanyna 1 million 600 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, uly üstünlik gazandylar. Miwe, gök-bakja önümlerini öndürijiler hem ussatlyk bilen  bol hasyl ýetişdirmegi başardylar.

Milli  Liderimiziň  türkmen pagtaçylaryny  we ähli oba hojalyk işgärlerini zähmet ýeňşi we Hasyl toýy bilen gutlanda: «Mähriban topragymyzdan alnan bol hasyl Watanymyzyň baýlygydyr, halkymyzyň rysgalydyr» diýip, aýratyn nygtap bellemegi, «Hasyl toýy mynasybetli, Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky» Permany  bolsa, oba zähmetkeşleriniň topraga bolan söýgüsini, bol hasyl almaga gyzyklanmalaryny has-da artdyrdy.

Şu ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda güýzki bag ekmek dabarasyna hem badalga berildi. Türkmen halkynyň ruhubelentliginiň subutnamasyna, joşgunly zähmetiň baýramçylygyna öwrülen bu dabara  tutuş ýurdumyz boýunça guramaçylykly geçirildi.

Ählihalk bag ekmek dabarasy ekologiýa abadançylygyny saklamagyň hatyrasyna ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli we yzygiderli geçirilýän işiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.