18 Okt
2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Aşgabatda “Oguzkent” myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Sammitiň jemleri boýunça möhüm resminamanyň — GDA gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasy kabul edildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda kabul edilen bu resminama Arkalaşygyň giňişliginde giň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek meselelerinde türkmen tarapynyň işjeň orun eýeleýändigini ýene bir gezek aýdyň subut etdi.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmegi GDA-nyň çäklerinde strategiki esasda özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berer.
Elbetde, ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyklara hem aýratyn ähmiýet berildi. Çünki, medeniýet, ylym, bilim, sport ulgamynda, çagalar we ýaşlar guramalarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyklar GDA-nyň halklarynyň arasyndaky dostlugy, özara düşünişmegi, hoşmeýilliligi we ynamy yzygiderli pugtalandyrýar.
Türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň giňişliginde köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.
