16 Awg
Şu ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň hökümetiniň guramagynda täsin ekologiýa sapagy geçirildi. Üç müň töweregi adamyň gatnaşmagynda geçirilen bu örän uly tutumly ekologiýa sapagy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. «Guinness World Reсords» kompaniýasynyň resmi wekili hanym Şeýda Subaşi-Gemiji bu baradaky degişli güwänamany birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde türkmen tarapyna dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
