30 Maý
Saýlaw ulgamynyň işi bilen içgin we giňişleýin tanyşmagy maksat edinip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň bilelikde tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, Döwlet gullugy akademiýasynyň «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak» ugry boýunça diňleýjileri şu ýylyň 30-njy maýynda Merkezi saýlaw toparynda önümçilik tejribesini geçdiler.
Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjilerine saýlaw toparlarynyň wezipeleri, düzümi, saýlaw ulgamy, ýurdumyzda geçirilýän saýlawlar, halkara tejribeleri, saýlaw kanunçylygyna girizilen goşmaçalar we üýtgetmeler barada Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň tejribeli hünärmenleri tarapyndan giňişleýin düşünje berildi.
Hormatly Prezidentimiziň dürli kärde zähmet çekýän gullukçylaryň hünär derejelerini kämilleşdirmäge döredip beren mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden hünärlerini ýokarlandyrmak ugry boýunça gelen diňleýjileriň arasynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda dürli wezipelerde zähmet çekýän adamlaryň bardygyny bellemek ýerliklidir. Önümçilik tejribesiniň dowamynda diňleýjiler saýlaw ulgamy, saýlaw kanunçylygy barada özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogaplary aldylar. Şunuň ýaly önümçilik tejribesiniň öň hem Merkezi saýlaw toparynda ençeme gezek geçirilendigini-de nygtamak bolar.
Önümçilik tejribesine gatnaşyjylar okamaga, işlemäge, hünärlerini ýokarlandyrmaga döredip beren şertleri üçin Arkadag Prezidentimize öz hoşallyklaryny bildirdiler we mukaddes Oraza aýynda hem-de sahawatly Gadyr gijesinde edilen ähli doga-dilegleriň, berilýän agzaçar sadakalarynyň gudraty güýçli Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dilediler.
