news-img

17 Maý

Dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasy

2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisi  geçirildi   Bu mejlisde biziň ýurdumyz  BMG-niň 2020 — 2022-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2020 — 2024-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň, 2020 — 2023-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanyldy.

Türkmenistanyň  bu abraýly  halkara  guramasynyň birbada üç düzüminiň agzalygyna saýlanylmagy milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň ykrarnama we goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasydyr. Munuň özi ýurdumyzda  azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça amala aşyrylýan uzak möhletleýin maksatnamalaryň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi ugrunda durmuşa  geçirilýän netijeli işleriň, neşekeşlige garşy göreşmek, zyýanly endikleriň öňüni almak bilen bagly  ýerine ýetirilýän ulgamlaýyn çäreleriň, halkymyzyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy boýunça döredilýän şertleriň  halkara derejesinde goldanylýandygynyň alamatydyr.

Soňky  ýyllaryň dowamynda  biziň ýurdumyz bu abraýly halkara  guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde dürli ugurlar boýunça anyk maksatly taslamalaryň 368-sini durmuşa geçirdi. Bu örän netijeli we uly görkezijidir.