news-img

06 Mart

Dalaşgärleri bellige almak tamamlandy

Ýurdumyzda käbir saýlaw okruglary boýunça ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine şu ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek saýlawlar boýunça dalaşgärleri bellige almak möwsümi 2019-njy ýylyň 5-nji martynda tamamlandy.

Dalaşgärleri bellige almak işleri degişli saýlaw toparlary tarapyndan demokratik ýörelgelere laýyklykda amala aşyryldy. Şeýlelikde, saýlaw okruglarynyň jemi 125-si boýunça dalaşgärleriň 281-si bellige alyndy. Munuň özi her bir saýlaw okrugy boýunça iki, käbirlerinde bolsa ondan-da köp dalaşgäriň bäsleşjekdigini görkezýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda, şeýle-de saýlaw möwsüminiň açyklyk, aýanlyk şertlerini üpjün etmek maksady bilen, saýlaw okruglary boýunça bellige alnan dalaşgärler baradaky maglumatlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna dowamly ýetiriler.