news-img

27 Few

Uçastok saýlaw toparlary bilen okuw maslahatlary geçirildi

Ýurdumyzda 2019-njy ýylyň 31-nji martynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň tassyklanylan meýilnamasyna laýyklykda, 2019-njy ýylyň 23-26-njy fewraly aralygynda welaýat, etrap, şäher saýlaw toparlarynyň agzalarynyň alyp barmagynda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde uçastok saýlaw toparlary bilen okuw maslahatlary geçirildi.

Saýlaw toparlary bilen geçirilen okuw maslahatlarynda saýlawlary geçirmegiň kanunçylyk düzgünleri, saýlaw resminamalaryny ulanmagyň tertibi we saýlawçylaryň ses bermekleri üçin ähli şertleriň döredilmelidigi hakynda giňişleýin düşündirildi. Şeýle-de okuw maslahatlarynyň dowamynda bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň guramaçylyk işleri barada sowal-jogaplar alşyldy.