26 Few
Möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýerine 31-nji martda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleriniň çäklerinde dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär.
Duşuşyklara dalaşgärleri hödürlän syýasy partiýalaryň, raýatlar toparlarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Duşuşyklarda dalaşgärler maksatnamalary bilen çykyş edýärler, olaryň ynanylan adamlary saýlawçylary dalaşgärleriň terjimehaly bilen tanyşdyrýarlar. Ähli dalaşgärlere saýlawçylary öz maksatnamalary bilen tanyşdyrmak hem-de ony wagyz etmek üçin deň derejede mümkinçilikleriň we hukuklaryň berilýändigini bellemek gerek. Duşuşyklaryň dowamynda dalaşgärler saýlawçylary gyzyklandyrýan sowallara jogap berýärler, şeýle hem saýlawçylary möhüm ähmiýetli bu jemgyýetçilik- syýasy çärä işjeň gatnaşmaga çagyrýarlar.
