news-img

19 Few

Okuw maslahatlary geçirildi

Möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine 2019-njy ýylyň 31-nji martynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň tassyklanylan meýilnamasyna laýyklykda, şu ýylyň 14-15 fewralynda Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň wekilleriniň alyp barmagynda etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlary bilen okuw maslahatlary geçirildi.

Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda geçirilen okuw maslahatlarynda saýlawlary demokratik ýörelgeler esasynda geçirmegiň kanunçylyk düzgünleri, saýlaw resminamalaryny ulanmagyň tertibi hakynda giňişleýin düşündirildi hem-de okuw maslahatlarynyň dowamynda bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň guramaçylyk işleri barada sowal-jogaplar alşyldy.