news-img

05 Few

Okuw maslahatlary geçirildi

Ýurdumyzda käbir saýlaw okruglary boýunça möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine 2019-njy ýylyň 31-nji martynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleri hem guramaçylykly dowam edýär.

Şol saýlawlara taýýarlyk görmek we olary guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň tassyklanylan meýilnamasyna laýyklykda bolsa, şu ýylyň  4-5-nji fewraly aralygynda Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň wekilleriniň alyp barmagynda welaýat, etrap, şäher, okrug saýlaw toparlary bilen okuw maslahatlary geçirildi.

Saýlaw toparlary bilen geçirilen okuw maslahatlarynda saýlawlary geçirmegiň kanunçylyk düzgünleri, saýlaw resminamalaryny ulanmagyň tertibi we ýurdumyzyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň talabalaýyk üpjün edilmegi üçin ähli şertleriň döredilmelidigi hakynda giňişleýin düşündirildi. Şeýle-de okuw maslahatlarynyň dowamynda bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň guramaçylyk işleri barada sowal-jogaplar alşyldy.