news-img

30 Ýan

Dalaşgärleri hödürlemek möwsümi başlandy

Ýurdumyzda käbir saýlaw okruglary boýunça möhletinden öň çykyp gidenleriň ýerine şu ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleri guramaçylykly dowam edýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda bolsa, 2019-njy ýylyň 30-njy ýanwaryndan bu saýlawlar boýunça dalaşgärleri hödürlemek möwsümi başlandy.

Dalaşgärleri hödürlemek işlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasy, şeýle-de degişli saýlaw okruglarynyň çäginde ýaşaýan raýatlar toparlary gatnaşar.

Dalaşgärleri hödürlemek işleri 2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda tamamlanar.