news-img

10 Ýan

Saýlawlaryň güni bellenildi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy esasynda ýurdumyzda saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine, halkara kadalaryna laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, degişli saýlaw ok­ruglary boýunça möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary 2019-njy ýylyň 31-nji martynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.

Çykyp gidenleriň ýerine saýlawlaryň geçirilmegi ýurdumyzda demokratik ýörelgelere uly hormat goýulýandygyny, şonuň netijesinde hem saýlaw okruglarynyň saýlawçylarynyň erk-islegleriniň yzygiderli üpjün edilýändigini görkezýär.