11 Dek
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri Ermenistan Respublikasynyň Parlamentiniň (Milli ýygnagynyň) 2018-nji ýylyň 9-njy dekabrda geçirilen nobatdan daşary saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletlerden düzülýän halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde gatnaşdylar.
Iş saparynyň dowamynda olar Ermenistan Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy, saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi bilen tanyşdylar. Şeýle-de, 2018-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Ermenistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy T.Mukuçýanyň GDA-nyň halkara synçylar toparynyň wekilleri bilen geçiren ýörite duşuşygyna gatnaşdylar.
