16 Apr
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri 2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletlerden düzülýän halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde gatnaşdylar.
Iş saparynyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy, saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi bilen tanşyldy. Şeýle-de, 2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy M.Panahowyň GDA-nyň halkara synçylar toparynyň wekilleri bilen geçiren ýörite duşuşygyna gatnaşyldy.
