05 Apr
Möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsüm bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň düzümini, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalaryny saýlamagyň gutarnykly netijeleri jemlenildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň täze düzüminiň deputatlarynyň, ýerli wekilçilikli häkimiýetiň hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryşyň wekilleriniň sanawlary metbugatda çap edildi.
Degişli saýlaw toparlarynda halk maslahatlaryň we Geňeşleriň saýlanan agzalaryna şahsyýetnamalar gowşuryldy. Şu pursatdan başlap, halkyň saýlanlary ýakyn bäş ýyl üçin milli kanunçylykda göz öňünde tutulan hukuklary we ygtyýarlyklary resmi taýdan aldylar.
Halkyň saýlanlary döwletimiziň durmuşynyň hemme ulgamlaryny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmekde kesgitleýji ähmiýete eýe bolan milli maksatnamalary amala aşyrmak boýunça jogapkärli wezipeleri çözmeli bolar.
