16 Mart
2018-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň baha beriji topary bilen duşuşyk geçirildi.
Abraýly halkara guramasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda 2018-nji ýylyň 25-nji martynda boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça taýýarlyk işiniň barşy bilen tanşyldy hem-de saýlawlara syn etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we sowal-jogaplar alşyldy.
