07 Mart
2018-nji ýylyň 25-nji martynda boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, Aşgabat şäher, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, şu ýylyň ýanwar aýynda Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň wekilleriniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň gatnaşmagynda welaýat, Aşgabat şäher, etrap, şäher, okrug saýlaw toparlarynyň agzalary hem-de syýasy partiýalaryň welaýat, Aşgabat şäher komitetleriniň ýolbaşçylary bilen okuw maslahatlary geçirildi.
2018-nji ýylyň 28-nji fewralyndan 7-nji marty aralygynda, Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň işgärleri tarapyndan etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik we uçastok saýlaw toparlary, milli synçylar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen okuw maslahatlary geçirildi.
Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda, Aşgabat şäherinde geçirilen okuw maslahatlarynda saýlawlary geçirmegiň, saýlawlara syn etmegiň we saýlawlar boýunça alnyp barylýan işleri beýan etmegiň kanunçylyk düzgünleri, saýlaw resminamalaryny ulanmagyň tertibi hakynda giňişleýin düşündirildi.
