24 Ýan
2018-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Geçirilen mejlisiň gün tertibine laýyklykda:
1. 2018-nji ýylyň 25-nji martynda boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça ses bermegi geçirmek üçin Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda saýlaw uçastoklaryny döretmek;
2. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işleri barada welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň habarlaryny diňlemek;
3. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 2018-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndan 22-nji fewraly aralygynda dalaşgärleri hödürlemek hem-de 2018-nji ýylyň 3-27-nji fewraly aralygynda dalaşgärleri bellige almak möwsümidigini yglan etmek;
4. Merkezi saýlaw toparynyň ýanyndaky Gözegçilik-derňew toparynyň düzümine üýtgetme girizmek bilen bagly meselelere seredildi we olar boýunça degişli kararlar kabul edildi.
Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň başlyklary, Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň işgärleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň merkezi edaralarynyň milli synçylar boýunça jogapkär wekilleri, Merkezi saýlaw toparynyň ýanyndaky iş toparlarynyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
