17 Okt
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri 2017-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda geçirilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerden düzülýän halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde gatnaşdylar.
Iş saparynyň dowamynda Gyrgyz Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy, saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi bilen tanşyldy. Şeýle-de, 2017-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy N.Şaýldabekowa bilen duşuşyk geçirildi.
