news-img

19 Maý

Dalaşgärleriň duşuşyk ýygnaklary tamamlandy

Şu ýylyň 21-nji maýynda geçiriljek möhletinden öň  çykyp  gidenleriň saýlaw okruglarynda hem-de welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyk ýygnaklary tamamlandy. Dalaşgärler bilen geçirilýän duşuşyk ýygnaklaryna dalaşgärleri hödürlän syýasy partiýalaryň we raýatlar toparlarynyň wekilleri hem-de dürli ulgamlarda zähmet çekýän saýlawçylar işjeň gatnaşdylar.

Saýlawlar gününden öň ses bermek 20-nji maýda sagat 18:00-da tamamlanýar.