news-img

11 Maý

Möhletinden öň çykyp gidenleriň saýlaw okruglarynda we welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda, Mejlisiň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça öňünden ses bermek başlandy

Möhletinden öň çykyp gidenleriň saýlaw okruglarynda we welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda, 2017-nji ýylyň 21-nji maýynda boljak Mejlisiň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek, Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlawlara gatnaşmak hukuklaryny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 26-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar karar kabul etdi.

Şol karara laýyklykda, şu saýlawlar boýunça öňünden ses bermek 2017-nji ýylyň 11-nji maýyndan başlanýar we her gün sagat 09:00-dan 18:00-a çenli geçirilýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek saýlawçy saýlaw uçastogynda öňünden ses bermäge hukuklydyr. Öňünden ses bermek saýlawlaryň geçiriljek gününe çenli on gün galandan başlap, saýlaw uçastoklarynda geçirilýär.