05 Apr
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri 2017-nji ýylyň 2-nji aprelinde geçirilen Ermenistan Respublikasynyň Milli ýygnagynyň deputatlarynyň saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerden düzülýän halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde gatnaşdylar.
Iş saparynyň dowamynda Ermenistan Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy, saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi bilen tanşyldy. Şeýle-de, Ermenistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy T.T. Mukuçýan bilen duşuşyk geçirildi.
