news-img

08 Few

Dalaşgärler saýlawlara taýýarlyk görmek möwsüminiň çäklerinde ähli welaýatlaryň we paýtagtymyzyň saýlawçylary bilen duşuşyklary geçirdiler

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler saýlawçylar bilen geçiren duşuşyklarynyň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda boldular, saýlawçylary saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalary bilen tanyşdyrdylar, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek, ilatymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak hem-de dünýä bileleşiginde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmak babatynda garaýyşlaryny beýan etdiler.

Ýekşenbe güni—12-nji fewralda ýurdumyzyň saýlaw uçastoklary raýatlaryň öňünde gapylaryny giňden açarlar, saýlawçylaryň öňünde dalaşgärleriň arasyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine has mynasyp adamy saýlamak wezipesi durýar.