news-img

21 Mart

Demokratik saýlawlar we zenanlaryň gender deňligi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 29-njy maddasynda ýurdumyzda erkekleriň we zenanlaryň deň hukuklarynyň bardygy kesgitlenilendir. Zenanlaryň bu deňligi 2023-nji 26-njy martynda geçiriljek ählumumy demokratik saýlawlarda hem öz mynasyp beýanyny tapýar.

Has takygy, saýlawlary geçirmäge gatnaşýan:

– Merkezi saýlaw toparynyň agzalarynyň – 33,34 göterimi;

– welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň agzalarynyň – 19,70 göterimi;

– etrap, etrap hukukly şäher saýlaw toparlarynyň agzalarynyň – 32,33 göterimi;

– okrug saýlaw toparlarynyň agzalarynyň – 41,75 göterimi;

– etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň agzalarynyň – 40,01 göterimi;

– uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň – 43,45 göterimi zenanlardyr.

Şeýle-de, saýlawlarda bellige alnan:

– Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleriň – 15,89 göterimi;

– welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň – 32,04 göterimi;

– etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň – 33,98 göterimi;

– Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň – 30,72 göterimi zenanlardyr.

Şunuň bilen birlikde, saýlawlara ýerli derejede syn edýän milli synçylaryň 50,47 göterimi zenanlardyr.