news-img

17 Mart

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça öňünden ses bermek başlandy

2023-nji ýylyň 26-njy martynda boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň  agzalarynyň saýlawlarynda raýatlarymyzyň saýlawlara gatnaşmak hukuklaryny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Saýlawçylaryň saýlaw uçastoklarynda ses bermekleri üçin ähli şertler üpjün edilýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, öňünden ses bermek 2023-nji ýylyň 16-njy martyndan başlandy.

Saýlaw uçastoklarynda öňünden ses bermek her gün sagat 08:00-dan 18:00-a çenli geçirilýär.

Saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek, degişli saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň sanawyna girizilen saýlaw hukukly raýatlar saýlawlaryň geçiriljek gününe çenli on gün galandan başlap, saýlaw uçastoklarynda ses berip bilerler!

Mälim bolşy ýaly, bu işler, ilkinji nobatda, uzak möhletli iş saparyna ýa-da dynç alşa gidýän raýatlar, şeýle hem saýlaw güni — 26-njy martda haýsydyr bir sebäplere görä, öz saýlaw uçastogyna gelip, ses berip bilmejekler üçin göz öňünde tutulandyr.

Şeýle-de, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynda hem saýlawçylaryň öňünden ses bermek hukuklaryny üpjün etmek üçin ähli şertler döredildi.