news-img

14 Mart

GDA-nyň synçylar toparynyň wekilleri ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparda bolýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, öz ösüşiniň hil taýdan täze tapgyryna gadam basan türkmen jemgyýetinde 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek saýlawlara syn etmek üçin uzak möhletleýin gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary häzirki wagtda saýlawlara syn etmäge geljek halkara synçylar toparyny düzmek boýunça işleri alyp barýarlar. Onuň düzümine GDA gatnaşyjy döwletleriň Merkezi saýlaw toparlarynyň, Arkalaşygyň ýurtlarynyň Parlamentleriniň, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, diplomatik wekilhanalaryň  wekilleriniň girmegi meýilleşdirilýär. Ýaňy-ýakynda toparyň ýaýradan maglumatyna görä, saýlaw möwsüminiň ähli tapgyrlarynyň saýlaw kanunçylygyna doly laýyklykda geçýändigi bellenilýär.

Şu günler toparyň wekilleri öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde 26-njy martda geçiriljek möhüm syýasy-jemgyýetçilik çärä guramaçylykly taýýarlyk görlüşine syn etmek maksady bilen ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparyny amala aşyrýarlar. Olar eýýam Daşoguz welaýatynda bolup, okrug saýlaw toparlarynda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada okrug saýlaw toparynyň agzalary bilen söhbetdeş boldular. Şeýle-de, Daşoguz şäherinde we Köneürgenç etrabynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň birnäçesine baryp gördüler. Umuman, toparyň wekilleri uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň taýýarlyk derejesine we saýlaw uçastoklarynyň enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berdiler.

Mundan başga-da, halkara synçylary üçin taýýarlanylan medeni maksatnamanyň çäklerinde, olar Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp gördüler. Şeýle hem Köneürgenç etrabynda ýerleşýän «Köneürgenç» döwlet taryhy medeni goraghanasynda ýerleşýän ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen köpsanly taryhy ýadygärlikler bilen ýakyndan tanyşdylar.