13 Mart
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 26-njy martynda ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary bolan welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy bolan geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Şu günler bu möhüm syýasy çäre bilen baglanyşykly wagyz işleriniň çäklerinde, bellige alnan dalaşgärleriň saýlawçylar bilen geçirýän duşuşyk ýygnaklary giň gerim bilen dowam edýär.
Dalaşgärler öz saýlaw okruglarynyň çägindäki saýlawçylar bilen duşuşyp, özlerine berlen deň mümkinçiliklerden we hukuklardan peýdalanyp, saýlawçylar bilen duşuşyklarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler. Munuň özi demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlawlar geçirilende syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, Türkmenistanyň raýatlaryna, dalaşgärlere, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryna, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, wagyz işlerini erkin geçirmek üpjün edilýär. Çünki, saýlawlar boýunça mynasyp dalaşgärleriň hödürlenilmegi we saýlanylmagy ugrunda geçirilýän wagyz işleri islendik saýlawlaryň esasy maksady bolup durýar. Wagyz işleri dalaşgäriň degişli saýlaw toparynda bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň geçiriljek gününden bir gün öň bes edilýär.
