news-img

24 Few

Dalaşgärleri hödürlemek möwsümi tamamlandy

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň şu ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürlemek möwsümi 2023-njy ýylyň 24-nji fewralynda tamamlandy.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek işlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasy, şeýle-de degişli saýlaw okruglarynyň çäginde ýaşaýan raýatlar toparlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputat-larynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça döredilen saýlaw okruglaryna mynasyp dalaşgärler hödürlenildi. Ähli saýlaw okruglaryna bir orna birnäçe dalaşgär hödürlendi, munuň özi bu saýlawlaryň bäsleşik esasynda geçjekdigini görkezýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda, degişli saýlaw toparlary tarapyndan dalaşgärleri bellige almak işleri  2023-njy ýylyň 1-nji martyna çenli dowam eder.