14 Few
Mälim bolşy ýaly, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek işleri guramaçylykly dowam edýär. Saýlawlarda dalaşgärleri hödürlemek işlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň guramalary hem-de ýurdumyzyň raýatlar toparlary gatnaşýarlar.
Şu günler Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleri syýasy partiýalar we raýatlar toparlary tarapyndan hödürlemeklige bagyşlanan mejlisler, ýygnaklar giň gerim bilen dowam edýär. Dalaşgärleri hödürlemek boýunça geçirilýän mejlislerde we ýygnaklarynda dalaşgärlige hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alyp maslahatlaşylýar. Olaryň içinden Türkmenistanda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary bolan halk maslahatlarynyň, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy bolan geňeşleriň agzalygyna has mynasyplar dalaşgärlige hödürlenilýär.
Çykyş edenler her bir dalaşgärlige hödürlenilýäniň terjimehaly, il içindäki, işdeşleriniň arasyndaky abraýy, iş başarjaňlyk, guramaçylyk ukyplary bilen ýakyndan tanyşdyrýarlar.
