06 Few
2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça syýasy partiýalar we raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenen dalaşgärleri degişli saýlaw toparlarynda bellige almak möwsümi başlandy.
Türkmenistanyň Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleri okrug saýlaw topary, welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzalygyna dalaş-gärleri welaýat, Aşgabat şäher saýlaw topary, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleri etrap, şäher saýlaw topary, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleri bolsa etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw topary bellige alýar.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda, dalaşgärleri bellige almak saýlawlara elli gün galanda başlanýar we ýigrimi bäş galanda tamamlanýar.
Şeýlelikde, dalaşgärleri bellige almak 2023-nji ýylyň 4-nji fewralyndan – 28-nji fewralyna çenli dowam eder.
