22 Noý
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň wekilleri 2022-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Gazagystan Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň nobatdan daşary geçirilen saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletlerden düzülýän halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistan döwletinden halkara synçy bolup gatnaşdylar.
Iş saparynyň dowamynda Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri Gazagystan Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy bilen tanyşdylar we saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişine syn etdiler. Şeýle-de, 2022-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy N.M.Abdirowyň halkara synçylary bilen geçiren ýygnagyna, 2022-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Baş sekretary S.N.Lebedewiň GDA gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren geňeşine gatnaşdylar.
