news-img

24 Okt

Türkmen-özbek gatnaşyklarynda täze sahypa

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýy­lyň 20-21-nji okt­ýab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň hoş­ni­ýet­li goň­şu­sy bo­lan Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti ýur­du­my­zda iki gün­lük res­mi sa­pa­rda boldy.

Saparyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda Prezidentler  açylýan täze mümkinçilikleri, geljek üçin ileri tutulýan meýilnamalary nazara almak bilen, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle-de, saparyň dowamynda Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşmagy iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryna ýokary derejede üns berilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.

Mundan başga-da, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda 21-nji oktýabrda Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän «Daşkent» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. 

Şeýle-de, şol açylyş dabarasynyň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlary  teleköpri arkaly Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň — Söwda merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyna hem gatnaşdylar.

Öz­be­gis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny­nyň Türk­me­nis­ta­na şu ge­zek­ki res­mi sa­pa­ry hem kö­pa­syr­lyk türk­men-öz­bek gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­ma­gyn­da mö­hüm esas bo­lar.