13 Iýun
2022-nji ýylyň 11-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda
— 2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi, şeýle-de Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanandygy baradaky hoş habarlaryň gelip gowşandygy habar berildi.
Munuň özi Türkmenistana, döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän daşary syýasatyna, umuman, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijelerine ýokary baha berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz bu çözgüdiň ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydygyny kanagatlanma bilen belledi. BMG bilen däp bolan gatnaşyklaryň üsti her ýylda täze, anyk mazmun bilen ýetirilýär. Döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara ugurda özara gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde işjeň orun eýelejekdigini nygtady.
Berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasaty Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açdy. Türkmenistan ähli ugurlar boýunça giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirip, işjeň, täze başlangyçlar bilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýar. Munuň özi dünýäniň ähli döwletleriniň we abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatyna, möhüm ähmiýetli başlangyçlaryna uly gyzyklanma bildirýändigini, olary biragyzdan goldaýandygyny aýdyň görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
