13 Iýun
Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasyna resmi iş saparyny amala aşyrdy. Bu sapar strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan hem-de dostluk, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy.
Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň döwlet ýolbaşçysy wezipesinde resmi ýagdaýda ilkinji daşary ýurt saparyny hut Russiýa Federasiýasyna amala aşyrandygy aýratyn bellärliklidir.
Iş saparynyň dowamynda ýokary derejede geçirilen ikiçäk görnüşdäki gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar. Soňra Uly Kreml köşgüniň «Malahit» zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagy — «Dostluk» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentine «Dostluk» ordenini gowşurdy. Döwlet Baştutanymyz rus Liderine hem-de wekiliýetiň agzalaryna ýüzlenip, bu ýokary sylaga mynasyp bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny we ony ýurdumyza goýulýan sarpanyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Şeýle-de, ençeme ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
