news-img

10 Iýun

Yhlasly zähmet üstünlige ýetirýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda    ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda düýpli özgerişlikler amala aşyrylýar we ýokary depginli ösüş üpjün edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ata Watanymyz durnukly ösüşler bilen öňe barýar.

Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary bilen sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onda ýurdumyzyň zähmetsöýer ýüpekçileriniň Watan harmanyna 2 müň 300 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen üstünlikli ýerine ýetirendikleri hakynda buýsançly habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, halkymyzy hem-de edermen pileçilerimizi pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilip, uly zähmet üstünliginiň gazanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan durmuş, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda çekýän yhlasly zähmetinde has-da belent sepgitlere ýetmeklerini arzuw etdi.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan dokma senagatyny ösdürmekde ýüpek önümçiligine aýratyn orun degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan pudagy goldamak boýunça toplumlaýyn çäreleriň yzygiderli alnyp barylmagy netijesinde ýüpekçiligi ösdürmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Häzirki döwürde ýüpek önümçiligi döwrüň ösen talaplary esasynda ýola goýuldy. Aşgabadyň ýüpek fabrigi we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi öndürilýän ýüpegi gaýtadan işleýän esasy kärhanalardyr. Doly döwrebaplaşdyrylan we häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen bu kärhanalarda ýüpek halylaryny, milli keteni matalaryny we beýleki önümleri taýýarlamak üçin täze önümhanalar açyldy.

Geljekde hem ýüpekçilige goýberilýän maýa goýum serişdeleriniň möçberiniň has-da artdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny, munuň bolsa ilatymyz üçin goşmaça iş orunlaryny döretmäge, gymmatly çig malyň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini hormatly Prezidentimiz belledi.