20 Maý
Şu ýylyň 19-njy maýynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Russiýa Federasiýasyndan gelip gowşan hoş habar mälim edildi. Habarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ençeme ýyllaryň dowamynda diplomat hökmünde Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalary bilen oňyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşandygy, şeýle-de Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşandy üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permany esasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Dostluk» ordeni bilen sylaglanylandygy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz öz minnetdarlygyny bildirip, bu sylaga Türkmenistana we onuň halkyna tüýs ýürekden hormat goýmagyň nyşany hökmünde hem-de däp bolan türkmen-rus dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň beýany hökmünde garaýandygyny belledi. Şeýle-de bu sylag Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, ýurdumyza belent halkara abraý getiren parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.
Arkadagly Serdarymyzy ýokary sylagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun! Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn!
