l
12.10.2025
Saýlawlaryň hukuk binýady
Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabryndaky «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny bellemek hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini ýola goýmak bilen bagly guramaçylyk işlerini geçirmek hakynda» karary, şeýle hem Merkezi saýlaw toparynyň 2020-nji ýylyň 28-nji noýabryndaky karary saýlawlary geçirmek üçin esas bolup durýar.
2020-nji ýylyň 25-nji sentýabryndaky «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabryndaky karary esasynda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde, ýagny, mart aýynyň 28-ine geçirmek bellenildi. Karar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna ýetirildi.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine
girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar
2020-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly ulgama geçmegi bilen bagly bolup durýar. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine «Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary» diýlen 1 belgili 6-njy (VI(1)) täze bölüm goşuldy. Täze bölüm 18 sany täze goşulan maddany öz içine alýar. Bulardan başga-da, Saýlaw kodeksiniň 53 sany maddasyna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şeýle hem Saýlaw kodeksiniň 14-nji bölüminiň ady üýtgedildi.
Saýlaw möwsümi
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji maddasyna laýyklykda, saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etmek ygtyýarlygy Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topara degişlidir.
Merkezi saýlaw toparynyň 2020-njy ýylyň 28-nji noýabrynda kabul eden karary esasynda, saýlaw möwsüminiň 2021-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan başlanýandygy yglan edildi.
Merkezi saýlaw toparynyň we onuň garamagyndaky saýlaw toparlarynyň işiniň maksady saýlaw möwsüminiň başyndan ahyryna çenli döwürde ýurduň saýlaw kanunçylygynyň kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini üpjün etmekden ybaratdyr.
Saýlaw möwsüminiň başlanýandygy hakyndaky habar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna ýetirildi.
Saýlaw toparlary, saýlawlara taýýarlyk
görmek we saýlawlary geçirmek boýunça saýlaw toparlarynyň işi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek işlerini Merkezi saýlaw topary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlary amala aşyrýarlar.
Saýlawlary geçirmek işlerini Merkezi saýlaw topary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlary hem-de welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlary üpjün edýärler.
Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 25-nji noýabryndaky 1507 belgili kararyna laýyklykda, 15 adamdan ybarat düzümde döredildi.
Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 3-nji oktýabryndaky 1923 belgili kararyna laýyklykda, Merkezi saýlaw toparynyň düzümine üýtgetmeler girizildi.
Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlary Merkezi saýlaw topary tarapyndan 2016-njy ýylyň 25-nji iýunynda 11 adamdan ybarat düzümde döredildi.
Ähli saýlaw toparlary 5 ýyl ygtyýarlyk möhleti bilen döredildi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda her welaýatyň, Aşgabat şäheriniň çägi sekiz mandatly bir okrugdyr.
2020-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde saýlawlara taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Merkezi saýlaw topary saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça işleri meýilnama esasynda alyp barýar.
Okuw maslahatlary
Saýlawlara taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň tassyklanylan meýilnamasyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 2-3-nji fewralynda welaýat, Aşgabat şäher, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň agzalaryna usulyýet kömegini bermek maksady bilen ýerlerde okuw maslahatlary geçirildi. Okuw maslahatlarynda saýlaw toparlarynyň we ýerli halk maslahatlarynyň agzalary hereket edýän kanunçylyga girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar, saýlawlary geçirmegiň düzgünleri, dalaşgärleri hödürlemegiň we bellige almagyň, saýlaw resminamalaryny ulanmagyň, ses berilýän jaýy enjamlaşdyrmagyň, ses bermegiň we sesleri sanamagyň tertibi bilen giňişleýin tanyşdyryldy.
Şeýle hem, 5-nji we 6-njy martda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlary milli synçylar we habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen şeýle okuw maslahatlary geçirildi.
Dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4 belgili 50-nji maddasyna laýyklykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek hukugy welaýat, etrap, şäher halk maslahatlaryna degişlidir.
Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri syýasy partiýalar, raýatlar toparlary welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyndaky wekilleriniň üsti bilen hödürläp bilerler.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 5 belgili 50-nji maddasyna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara elli gün galanda başlanyp, ýigrimi bäş gün galanda tamamlanýar. 2021-nji ýylyň 6-njy fewralynda badalga alan dalaşgärleri hödürlemek möwsümi 2-nji martda tamamlandy. Ýurdumyz boýunça dalaşgärleriň jemi 112-si hödürlendi.
Dalaşgärleriň 21-si Ahal welaýaty boýunça, 21-si Balkan welaýaty boýunça, 18-si Daşoguz welaýaty boýunça, 18-si Lebap welaýaty boýunça, 17-si Mary welaýaty boýunça hem-de 17-si Aşgabat şäheri boýunça hödürlenen dalaşgärlerdir.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6 belgili 50-nji maddasyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri Merkezi saýlaw topary bellige alýar. Bellige almak saýlawlara 45 gün galanda başlanyp, 20 gün galanda tamamlanýar. Ýurdumyz boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna hödürlenen dalaşgärleriň 112-si bellige alyndy. Bellige alnan dalaşgärlere şahsyýetnamalar Merkezi saýlaw topary tarapyndan dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Saýlawlar gününe çenli otuz ýaşy dolan, ýokary bilimli, soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgär hödürlenilip bilner.
2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek saýlawlarda bir orun üçin iki, üç dalaşgäriň bäsleşmegine garaşylýar.
Bellige alnan dalaşgärler baradaky habar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly, ýagny, teleradioýaýlymlaryň, gazetleriň, Merkezi saýlaw toparynyň saýtynyň üsti bilen ilatyň dykgatyna ýetiriler. Bu bolsa dalaşgärleri hödürlemek möwsüminiň açyk-aýdyňlykda, habar üpjünçiligini kepillendirmek ýagdaýynda geçýändigini görkezýär.
Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärlige hödürleniljek adamlaryň il içinde abraýly, sowatly, arassa, halal, watansöýüji, iň mynasyp adamlar bolmagyny gazanmak umumy ykrar edilen halkara kadalaryndan we milli kanunlarymyzdan gelip çykýan talaplardyr.
Hödürlenilen wagtyna çenli iş kesilenlik aýyby öz-özünden aýrylmadyk ýa-da kanunda bellenilen tertipde aýrylmadyk adam dalaşgär hödürlenilip bilinmez.
Saýlawçylaryň sanawlary
Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda saýlawçylaryň sanawy welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň berýän maglumatlary esasynda welaýat saýlaw topary tarapyndan düzülýär.
Ses bermäge gatnaşyjylaryň – saýlawçylaryň sanawyna welaýat halk maslahatynyň agzalary girizilýär.
Welaýat halk maslahatynyň düzümi 2018-nji ýylda geçirilen ählihalk saýlawlarynda saýlanan 40 agzadan ybaratdyr.
Saýlawlarda ses bermäge gatnaşmagy üçin saýlawçylaryň sanawyna welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalary – ýurdymyz boýunça jemi 240 saýlawçy girizilýär.
Saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri
we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde
saýlaw möwsüminiň beýan edilişi
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärler bellige alnandan soň wagyz işleri başlanýar we 2021-nji ýylyň 26-njy martynda tamamlanýar.
Açyklyk we aýanlyk, wagyz işleriniň erkinligi ýörelgelerine laýyklykda, dalaşgärleriň hemmesi üçin deň mümkinçilikler döredilýär. Dalaşgärlere köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde tölegsiz we deň şertlerde çykyş etmek mümkinçiligi kepillendirilýär.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 62-nji maddasyna laýyklykda, syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, Türkmenistanyň raýatlaryna, dalaşgärlere, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryna wagyz işlerini ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyklykda erkin geçirmek üpjün edilýär.
Merkezi saýlaw topary dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklarynyň, geçirjek ýygnaklarynyň tertibini tassyklady. Dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyk ýygnaklary mart aýynyň 10-yna başlady we 26-njy marta çenli dowam eder.
Merkezi we welaýat saýlaw toparlarynyň agzalary metbugat neşirleriniň sahypalarynda, teleýaýlymlarda saýlawlara taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy barada habar berip durýarlar.
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň internet-saýtynda (saylav.gov.tm) Merkezi saýlaw toparynyň saýlaw möwsümine dahylly kabul edýän kararlary, düzgünnamalar we gollanmalar, täzelikler we habarlar haýal etmezden ýerleşdirilip durulýar.
Teleradioýaýlymlarda saýlawlar baradaky habarlar yzygiderli berlip durulýar. Şeýle-de, ses bermegiň, saýlaw býulletenlerini doldurmagyň düzgünlerini düşündirýän wideomahabatlar teleýaýlymlarda görkezilýär.
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary saýlawlara degişli usuly gollanma kitapçalaryny türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir etdi. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinden gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalary – düzgünnamalar taýýarlanyldy. Şeýle-de, ündewsuratlar neşir edildi we jemgyýetçilik-köpçülik ýerlerinde ýerleşdiriler.
Saýlaw býulleteni
Saýlawçylaryň öz erk-isleglerini erkin, meýletin we gizlin beýan etmekleriniň guraly bolan saýlaw býulleteni saýlawlary geçirmegiň esasy resminamasydyr.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 26-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw býulletenleriniň ýazgylaryny tassyklaýar. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 70-nji maddasyna laýyklykda, saýlaw býulletenlerine Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça bellige alnan dalaşgärleriň hemmesi elipbiý tertibinde girizilip, onda her bir dalaşgäriň familiýasy, ady, atasynyň ady, işleýän ýeri, eýeleýän wezipesi (käri) we ýaşaýan ýeri görkezilýär.
Saýlawlara syn etmegiň amala aşyrylyşy
Saýlaw toparlary saýlawlara taýýarlyk görmek we olary geçirmek işlerini açyklykda we aýanlykda amala aşyrýarlar.
Milli synçylary bellemek hukugy syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, raýatlaryň toparlaryna we dalaşgärlere degişlidir.
Saýlawlara syn etmegi dalaşgärleriň ynanylan adamlary, milli synçylar amala aşyryp bilerler.
Saýlawlary aýanlyk-şertlerinde geçirmek maksady bilen bellige alnan milli synçylaryň 62-si Ahal welaýat, 89-sy Balkan welaýat, 80-si Daşoguz welaýat, 84-si Lebap welaýat, 92-si Mary welaýat, 33-si Aşgabat şäher saýlaw toparlary tarapyndan bellige alyndy.
Bellige alnan milli synçylaryň ählisine 2021-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda ygtyýarlyklaryny ykrar edýän şahsyýetnamalar gowşuryldy. Şahsyýetnamalaryň gowşurylandygy baradaky habarlar we şekilli görnüşler köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna ýetirildi.
Türkmenistanyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň sany 440-a barabar. Şol sanda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan 83, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan 60, Agrar partiýasy tarapyndan 72, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan 72, Zenanlar birleşigi tarapyndan 66, Ýaşlar birleşigi tarapyndan 67, raýatlar toparlary tarapyndan 16, şeýle hem kanuna laýyklykda bellige alynan dalaşgärler tarapyndan 4 milli synçy bellenildi.
Dünýä döwletlerinde emele gelen tejribä laýyklykda, göni däl (gytaklaýyn) saýlawlarda halkara guramalaryndan, daşary ýurtlardan synçylar çagyrylmaýar.
Halkara guramalarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň wekilleri Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda ses bermegiň demokratik ýagdaýda, açyklykda geçirilişini synlamaga isleg bildirseler, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen ylalaşyp, Merkezi saýlaw toparyny habardar edip, saýlaw uçastoklaryna baryp, ses bermegiň barşyny halkara kadalaryna, milli kanunlarymyza laýyklykda synlap bilerler.
Şikaýatlar we arzalar
2021-nji ýylyň 10-njy fewraly ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparyna saýlaw işlerine dahylly ýüztutmalar, arzalar we şikaýatlar gelip gowuşmady, saýlaw möwsümi bilen baglanyşykly hukuk bozulmalary hasaba alynmady.
Ses bermegiň guralyşy we saýlawçylaryň
sesleriniň sanalyşy
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda ses bermek welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň mejlislerinde geçirilýär.
Saýlawlarda welaýatlaryň her haýsynda bir, Aşgabat şäherinde hem bir saýlaw uçastogy, Türkmenistan boýunça jemi alty saýlaw uçastogy döredilýär.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda ses bermegi welaýat saýlaw topary guraýar.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda öňünden ses bermek, ses berilýän jaýdan daşarda ses bermek geçirilmeýär.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda daşary ýurt döwletlerinde saýlaw uçastoklary döredilmeýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary güni, ýagny 2021-nji ýylyň 28-nji martynda welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň ses bermek boýunça mejlisleriniň geçiriljek ýerleri we ses beriljek saýlaw uçastoklarynyň ýerleşýän ýerleri:
Aşgabat şäheri. «Mekan» köşgi;
Ahal welaýaty. Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki Medeniýet öýi;
Balkan welaýaty. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýy;
Daşoguz welaýaty. Welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýy;
Lebap welaýaty. Welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýy;
Mary welaýaty. Kemine adyndaky döwlet drama teatry.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary
geçirmek boýunça merkezi topar
