l Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar

12.10.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy

Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi

Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan, Günorta, Kenarýaka köçeleriniň we Boýrabap geňeşliginiň Baýdakçy, Galkynyş, Adak, Petdeli, Gaýmakçy obalarynyň, Hojaili geňeşliginiň hem-de Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň Altyn asyr, N.Hakberdiýew, Görelde, Azatlyk, S.Seýdi, Lebaby, Begişow, B.Ilamanow, Agzybirlik, Mollanepes, Mollaýazy, K.Şaýmanow, I.Joraýew, Lebap, Hasylçy, Günbatar, Daýhan köçeleriniň, Çaltut şäherçesiniň, Çarbagdepe, Jeňňel, Garamahmyt geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.

79-njy «Darganata» saýlaw okrugy

Merkezi: Darganata etrap häkimligi

Araçäkleri: Darganata etrabynyň Darganata, Gazojak şäherleriniň, Lebap şäherçesiniň, Çarwadar, Hojalyk, Magtymguly, Sediwer geňeşlikleriniň we Lebap geňeşliginiň Sakararyk obasynyň çäklerini öz içine alýar.

104-nji «Peşanaly» saýlaw okrugy

Merkezi: Mary etrabynyň Peşanaly şäherçe-sindäki medeniýet öýi

Araçäkleri: Mary etrabynyň Peşanaly şäherçesiniň, Peşanaly, M.Lorsy adyndaky, Ak altyn, Abadanlyk, Akybaý geňeşlikleriniň we Diýar geňeşliginiň Kelter obasynyň çäklerini öz içine alýar.

106-njy «Wekil» saýlaw okrugy

Merkezi: Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçesiniň medeniýet öýi

Araçäkleri: Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçesiniň we Gökje, Goňur, Akgoňur, Mülkamaşa geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.

22.01.2026