l
12.10.2025
Asuda diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň baýramynyň bellenip geçilmegi döwletimiziň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewiligini we Konstitusion gurluşyny gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana Watan ogullaryna bildirilýän uly ynamy, çäksiz hormaty we olar barada alada edilýändigini äşgär edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli goşunymyz merdana ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini, halkymyzyň köp asyrlyk taryhynyň dowamynda kemala gelen harby däp-dessurlaryny we harby sungatyny dowam etdirip, kämilleşdirip, watançylygyň we mertligiň mekdebine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp derejede dowam etdirilýän iri möçberli harby özgertmeler giň gerime eýe bolýar.
Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan, hoşmeýilli daşary syýasatynyň mizemez ýörelgelerine, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, söweşjeň we ynsanperwer taýýarlygy barha kämilleşdirilýän Milli goşunymyzyň — Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň taryhy Garaşsyz türkmen döwletiniň taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki, ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolmagymyz bilen, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çoh garaşan baş arzuwy hasyl bolup, türkmeniň ykbalynyň göterilen ajap eýýamynyň ilkinji ýyllarynda öz Milli goşunymyzy döretmek babatda hem möhüm ädimler ädildi.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Ýaragly Güýçleriň düzüm birliklerini milli hünärmenler bilen üpjün etmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak esasy we örän möhüm wezipeleriň hataryndady. Bu ugurda giň gerimli işler, harby özgertmeler yzygiderli we üstünlikli durmuşa geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň — Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň belleýşi ýaly, «Watan — bu şöhratly pederlerimiziň iň gymmatly mirasydyr. Onuň goragynda sak durmak her bir türkmen perzendi üçin mukaddes borçdur, belent mertebedir».
Merdana halkymyza, ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly, beden taýdan sagdyn, ahlak taýdan arassa, öz hünärine ökde harby gullukçylary we hukuk goraýjy işgärleri taýýarlamak bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasyny düzýär. Döwlet Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň döredilen Ýaragly Güýçlerimiz geçen 34 ýylyň içinde kämilleşip, kuwwatly goşuna öwrüldi.
Taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde Ýaragly Güýçlerimiziň hatarynda eserdeňlik bilen gulluk edýän Watan goragçylarynyň hünär taýýarlygy ýokarlandyryldy hem-de degişli bilim derejeleri ösdürildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby instituty, Içeri işler ministrliginiň instituty, Milli howpsuzlyk instituty, Serhet instituty, Harby-deňiz instituty we onuň binýadynda Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebi hereket edip, harby hünärmenler öz ýurdumyzda taýýarlanylýar. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri Garaşsyz Watanymyzyň sarsmaz galasydyr, polat galkanydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk şahsy göreldesinden ugur alnyp, harby gullukçylaryň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan belent bolmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halky gadymy hem-de şöhratly taryhynda ata Watanymyzyň, mukaddes topragymyzyň abadançylygy, asudalygy, il-günüň erkana durmuşy ugrunda göreşip, harby gahrymançylygyň ajaýyp nusgasyny görkezipdir. Ähli zatdan belentde durýan edermenlik, mertlik, gaýduwsyzlyk ýaly, türkmene mahsus bolan asylly häsiýetleri özünde jemleýän mukaddeslik – bu Watany goramak borjudyr.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, Milli goşunymyzyň harby kuwwaty pugtalandyrylýar. Harby gullukçylaryň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň we olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk iş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar.
Goý, gaýduwsyz, edermen türkmen serkerdeleriniň, ýaş watançy esgerleriň diýarymyzyň mukaddes goragynda mertebeli ýollary dowamat-dowam bolsun! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň özygtyýarlylygyna, parahatçylygyna, nesillerimiziň röwşen geljegine gönükdirilen öňden görüjilikli we ynsanperwer syýasaty durmuşa geçirýän hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!
Jennet Saparowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.
26.01.2026
