news-img

02 Dek

Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünişigini kämilleşdirmek barada beren tabşyryklaryna laýyklykda Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň dolandyryş-çäk bölünişigini döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, welaýatlaryň häkimlikleriniň towakganamalaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynda Altyn asyr, Daşoguz welaýatynda Garaşsyzlyk we Gubadag, Lebap welaýatynda Farap, Döwletli we Garabekewül etraplary, şeýle-de, Mary welaýatynda Oguzhan etraby döredildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji, 19-njy, 33-nji maddalaryna laýyklykda, Ahal, Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýatlaryň saýlaw toparlary tarapyndan degişlilikde Altyn asyr, Garaşsyzlyk, Gubadag, Farap, Döwletli, Garabekewül, Oguzhan etrap saýlaw toparlary döredildi.

Etrap saýlaw toparlaryny döretmek işleri Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan tassyklanylan meýilnama esasynda, guramaçylykly amala aşyryldy.