21 Awg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji awgustda kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 20-nji awgustda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda boljak il-ýurt bähbitli forumy ýokary derejede geçirmek boýunça degişli tabşyryklar berildi we guramaçylyk meseleleri kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi türkmen demokratiýasynyň nobatdaky gezek dabaralanmasy bolar.
Şeýle-de, 20-nji awgustda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça hem-de döwlet ähmiýetli beýleki möhüm meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
