news-img

11 Iýun

Welaýat saýlaw toparynyň düzümine üýtgetme girizildi

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji, 19-njy, 26-njy maddalaryna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň saýlaw toparynyň düzüminden bir agzanyň çykyp gidenligi sebäpli hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Daşoguz welaýat saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlemek hakynda geçiren mejlisiniň beýany esasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň 2025-nji ýylyň 11-nji iýunyndaky kararyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň saýlaw toparynyň düzümine üýtgetme girizdi.

Daşoguz welaýatynyň saýlaw toparynyň doly düzümi saýtyň «Topar barada» diýen bölüminde ýerleşdirildi.