news-img

28 Ýan

Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gutlag hatynda: «Türkmenistan däp bolan deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Siziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygyňyzda Belarus Respublikasynyň uly üstünlikleri gazanjakdygyna, döwletara gatnaşyklarymyzyň bolsa hil taýdan täze derejä çykjakdygyna berk ynanýaryn» diýip bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, Belarus Respublikasynyň ähli halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň, gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.