27 Ýan
2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän binasynda, BMG-niň Durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak bilen bagly duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de, duşuşyga Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň hünärmeni hem gatnaşdy. Bu geçirilen duşuşygyň esasy maksady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmakdan ybarat boldy.
Işjeňlik ýagdaýynda geçirilen duşuşygyň dowamynda gender deňligi, maýyplaryň hukuklaryny goramдak, zorluk-sütem etmelere garşy durmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek we bu ugurda geljekde ediljek işler boýunça teklipleri taýýarlamak barada pikir alşyldy. Maslahatyň barşynda gyzykly sowal-jogaplar alşyldy.
