08 Okt
Mälim bolşy ýaly, şu günler 2019-njy ýylyň noýabr aýynda döredilen uçastok saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli, uçastok saýlaw toparlaryny täzeden döretmek işleri Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, tassyklanylan meýilnama esasynda we guramaçylykly amala aşyrylýar.
Uçastok saýlaw toparlary etrap, etrap hukukly şäher saýlaw toparlary tarapyndan 5-15 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzda saýlawlar bilen bagly çäreleriň syýasy köpdürlülik, ýagny köppartiýalylyk ýörelgeleri esasynda geçirilýändigi bellärliklidir.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ilkinji guramalarynyň, şeýle hem saýlaw hukukly halk köpçüliginiň hataryndan düzülýän raýatlar toparlarynyň ýygnaklarynda hödürlenilýär.
Ýygnaklarda uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine hödürlenýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylyp, her bir ýygnakda uçastok saýlaw toparynyň düzümine üç wekil hödürlenilip bilner. Uçastok saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlemek boýunça raýatlaryň ýygnagyna şol saýlaw uçastogynyň çäginde ýaşaýan ýa-da işleýän saýlawçylaryň azyndan otuzysy gatnaşsa, ol ygtyýarly hasap edilýär.
Şeýlelikde, uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine wekil hödürlemek işleri guramaçylykly dowam edýär.
