news-img

06 Iýul

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar boýunça möhletinden öň ses bermek tamamlandy

Mälim bolşy ýaly, öňünden ses bermek, ilkinji nobatda, uzak möhletli iş saparyna ýa-da dynç alşa gidýän raýatlar, şeýle hem saýlawlar güni  — 7-nji iýulda haýsydyr bir sebäplere görä, öz saýlaw uçastogyna gelip, ses berip bilmejek saýlawçylar üçin göz öňünde tutulandyr.

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda geçiriljek saýlawlar boýunça on gün öňünden ses bermek 6-njy iýulda sagat 18:00 - da tamamlandy.

Şeýlelikde, 7-nji iýulda geçiriljek saýlawlar boýunça hasaba alnan jemi 86641 saýlawçydan 3,99 göterimi öňünden ses berdi.