news-img

13 Iýun

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar boýunça bellige alnan dalaşgärler barada maglumat

AŞGABAT ŞÄHERI

1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugy boýunça

Bazarow Rejep Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, Wise Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary. 1958-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda doglan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

Orazmämmedow Bezirgen Hudaýberdiýewiç – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň başlygy. 1998-nji ýylda Aşgabat şäherinde doglan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

Öwezowa Dürli Allamyradowna – Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy, 1990-njy ýylda Aşgabat şäherinde doglan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

2-nji «Bitaraplyk» saýlaw okrugy boýunça

Durdymuhammedow Döwletgeldi Kakadurdyýewiç – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň redaksiýasynyň baş redaktory (jemgyýetçilik başlangyjy esasynda). 1991-nji ýylda Aşgabat şäherinde doglan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

Gurbandurdyýew Ýakubmyrat Gurbanmämmedowiç – Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Roman-german dilleri kafedrasynyň mugallymy, 1987-nji ýylda Aşgabat şäherinde doglan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

Kulyýew Maksat Hojamyradowiç Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň Ulaglarda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory, 1988-nji ýylda Mary welaýatynyň Garagum etrabynda doglan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

6-njy «Köpetdag» saýlaw okrugy boýunça

Beşerow Gurbanberdi Hojamberdiýewiç – Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Diller kafedrasynyň mugallymy. 1993-nji ýylda Aşgabat şäherinde doglan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

Mollaberdiýew Ýeňiş Jumageldiýewiç – Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Işgärler boýunça we ýerine ýetirilişe gözegçilik bölüminiň esasy maslahatçysy. 1996-njy ýylda Aşgabat şäherinde doglan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

Myradow Kadyrmuhammet Annamuhammedowiç – Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugynyň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygy. 1984-nji ýylda  Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda doglan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.