18 Maý
Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda geçiriljek saýlawlar boýunça syýasy partiýalar we raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenen dalaşgärleri bellige almak möwsümi başlandy.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda, degişli okrug saýlaw toparlary tarapyndan dalaşgärleri bellige almak saýlawlara elli gün galanda başlanýar we ýigrimi bäş gün galanda tamamlanýar.
Şeýlelikde, dalaşgärleri bellige almak işleri 2024-nji ýylyň 18-nji maýyndan – 11-nji iýuny aralygynda geçiriler.
Bellige alnan gününden başlap, dalaşgärler öz öňde goýan maksatnamalary bilen saýlawçylaryň arasynda wagyz işlerini geçirmäge girişip bilerler.
